Aşgabatda «HI-TECH Turkmenistan 2024» atly halkara maslahat we sergi açyldy

  • 10.09.2024 22:49
  • 5.9k+

Şu gün - 10-njy sentýabrda Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we sergi öz işine başlady diýip, TDH habar berýär.

Foruma gatnaşýanlaryň düzüminde ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, hususan-da, ýokary tehnologik enjamlary öndürijiler we getirijiler, Koreýa Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarus Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Şwesiýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan öňdebaryjy tehnologiýalary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylar bar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Oguzabat” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guralan sergi öndürilýän önümler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrmak, uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin amatly meýdança boldy.


Giň gerimli sergi birnäçe bölümlerden ybaratdyr. Bölümleriň atlary olaryň tematiki ugruny kesgitleýär: Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; Maliýe tehnologiýalar; Bilim tehnologiýalary; Senagat tehnologiýalary; Elektron söwda (Marketpleýs); Ekologiýa we durnukly ösüş; Lukmançylyk we biotehnologiýa; “Akylly” şäher we gurluşyk; Ulag-logistika; Oba hojalyk we onuň tehnologiýalary; Energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; Maglumat tehnologiýalary we sanly özgeriş.
Programma üpjünçiliginiň işläp taýýarlamalaryna we IT hyzmatlaryna, işewürlik hem-de döwlet edaralary üçin programma çözgütlerine bagyşlanan diwarlyklar ýygnananlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Döwlet düzümleri – ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň 50-den gowrak hususy kompaniýalary öz pawilýonlaryny sergide ýaýbaňlandyrdylar.
Innowasiýalary mundan beýläk hem ornaşdyrmak babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleriniň maslahatlaşmalary günüň ikinji ýarymynda açylan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatyň çäklerinde dowam etdi.
Özara gyzyklanma eýe bolan dialoga gatnaşmaga ýurdumyzyň bilim we ylmy edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professor-mugallymlar düzümi, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, birnäçe daşary ýurt kompaniýalaryň hem-de ugurdaş düzümleriň wekilleri çagyryldy.
Wekilçilikli forum iki günläp dowam eder.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....