Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy

  • 10.09.2024 14:38
  • 4.5k+

Şu gün - 10-njy sentýabrda Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.

Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär.
Forum dünýäniň abraýly bilermenlerini, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekillerini hem-de ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.
S0ňra giň möçberli forum plenar mejlisi görnüşinde dowam etdi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......