Amerikaly startap asteroidden çeşmeleri almak boýunça ilkinji hususy uçuşyny amala aşyrar

  • 10.09.2024 11:25
  • 3.2k+

Kaliforniýada ýerleşýän AstroForge startapy asteroidden çeşmeleri almak boýunça ilkinji hususy missiýasyny geçirmäge taýýarlanýar. Intuitive Machines kompaniýasynyň IM-3-niň bortunda uçurylan Vestri kosmiki gämisi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýere ýakyn asteroide baryp biriger diýip, 4PDA portaly habar berýär.

Anyk haýsy asman jisimi hakda aýdylýandygy entek belli däl.
Kompaniýa 40 million dollar maýa goýumyny özüne çekdi, missiýanyň umumy býujeti 55 million dollar. AstroForge-niň maksady kosmos obýektlerinden kobalt, nikel we platina toparyna degişli metallary almak bilen, Ýerdäki möhüm we ýetmezçilik edýän çeşmeleriň üstüni ýetirmek.
Vestri moduly asteroide baransoň onuň düzümini öwrener we çeşmeleri almak işine başlar. Bir-iki tonna materialyň arassalanyp, Ýere getirilmegine garaşylýar. Bu missiýa kosmosda gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryny täjirleşdirmegiň mümkinçiligini görkezmegi maksat edinýär.


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....