Şotlandiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde piktleriň syrly medeniýetiniň gadymy ýüzügi tapyldy

  • 09.09.2024 11:07
  • 4.6k+

Şotlandiýada piktler halkynyň syrly ýüzügi tapyldy. 1000 ýyldan gowrak ýaşy bolan bu artefakt Aberdin uniwersiteti tarapyndan geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleri wagtynda Mori okrugynyň Burghed galasyndan (Burghead Fort) tapyldy diýip, Sky News habar berýär.

Burghed galasy - piktleriň esasy ilatly ýerlerinden biridir, ýöne onuň köp bölegi XIX asyrda bu ýerde şäher gurlanda weýran edilipdi.
Muňa garamazdan, arheologlar merkezi granat daşy ýa-da goýy gyzyl aýna bilen bezelen, batbörek görnüşinde ýasalan ýüzügi tapmagy başardylar. Bu tapyndyny  höwesjeň arheolog Jon Ralf açdy we açyşyň özi üçin tolgundyryjy waka bolandygyny boýun aldy.
Bu ýüzük häzir Şotlandiýanyň Milli muzeýine derňew üçin iberildi, ol ýerde hünärmenler onuň takyk ýaşyny we maksadyny kesgitlemäge synanyşýarlar. Deslapky çaklamalara görä, ýüzük 1000-1500 ýaş aralygynda bolup biler.
Piktler biziň eýýamymyzyň III we XIX asyrlarynda Klaýd we Fort derýalarynyň aralygynda ýaşan, Şotlandiýanyň ýerli ilatydy. Bu halk hakda ýazmaça subutnamalar ýok diýen ýaly, onuň medeniýeti, durmuşy we däp-dessurlary baradaky maglumatlaryň köpüsi, şu ýüzük ýaly, seýrek arheologiki tapyndylara esaslanýar.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......