Türkmenistanyň wekilleri Astrahanda "BeregA" ýaşlar forumyna gatnaşdy

  • 09.09.2024 10:41
  • 2.6k+

Astrahan oblastynda 2-6-njy sentýabr aralygynda RF-nyň Günorta federal okrugynyň "BeregA" ýaşlar bilim forumy geçirildi. Forum Hazarýaka döwletlerinden, şol sanda Türkmenistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan we Gazagystandan, şeýle hem Belarusdan we Özbegistandan ýaş liderleri jemledi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýaty boýunça Geňeşiniň başlygy Guwanç Çendirow ýolbaşçylyk etdi. Wekiliýetiň düzümine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekilleri girdi.
Forum ýaş liderlere tejribe alyşmaga, bilimlerini giňeltmäge we täze aragatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. "BeregA" forumynyň esasy maksatlarynyň biri sebiti ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etjek işgärler ätiýaçlygy bilen üpjün etmek bolup durýar.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......