Serdar Berdimuhamedow Täjigistany Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

  • 09.09.2024 04:32
  • 2.8k+

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata, birek-birege goldaw bermäge pugta esaslanýan, däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýär” diýip, döwlet Baştutany hatynda belledi we türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň esasynda dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, Täjigistan Respublikasynyň halkynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda we işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......