Türkmenistanda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 07.09.2024 08:07
  • 4.4k+

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy hem-de bäsleşigiň jemleýji tapgyry boldy.

Jemleýji tapgyrda geljekde milli medeniýetimiziň şöhratyna şöhrat goşjak aýdymçylar, tans, aýdym-saz we folklor toparlary bäsleşdiler.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde öz zehinini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, aşakda görkezilen bäsleşige gatnaşyjylar ýeňijiler diýlip yglan edildi, olara degişli diplomlar we noutbuk kompýuterleri gowşuryldy.

  • Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arslan Maksadowiç Igliýew;
  • Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Perhat Maksadowiç Babaýew;
  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Batyrowna Begpolodowa;
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarowiç Serdarow;
  • Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 59-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Gülzada Meýlisowna Ataýewa;
  • Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Ýoldaşowna Abaýewa;
  • Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Eziz Batyrowiç Ýazgeldiýew.
  • “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......