20-nji sentýabrda Türkmenistanda "ýaşyl" ykdysadyýet boýunça maslahat geçiriler

  • 07.09.2024 08:01
  • 4.3k+

20-nji sentýabrda ýurdumyzda  “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow habar berdi diýip, TDH ýetirýär.

Bellenilişi ýaly, maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:42
1.7k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......