Türkmenistanda pagta ýygymyna başlamagyň senesi belli boldy

  • 07.09.2024 07:51
  • 11k+

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlanar.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Döwlet Baştutany ýaşululardan pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar, beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....