Gazagystan we Özbegistan kosmos hemralaryny uçurmak üçin tagallalary birleşdirýärler

  • 07.09.2024 00:13
  • 3.6k+

Gazagystan we Özbegistan bilelikdäki kosmos maksatnamasyny işe girizmäge taýýarlanýarlar. Iki ýurduň Sanly ministrlikleriniň başlyklary Şerzod Şermatow we Žaslan Madiýew taslamany ara alyp maslahatlaşmak üçin Astanada duşuşdylar.

Özbegistanyň Sanly tehnologiýalar ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, gepleşikler sanly inklýuziýa we transformasiýa boýunça Aziýa-Ýuwaş umman konferensiýasynyň çäklerinde geçirildi.
Taraplar 2024-nji ýylyň ahyryna çenli emeli hemralary bilelikde uçurmak boýunça teklipleri taýýarlamak barada ylalaşdylar.

“Iki ýurduň gatnaşmagynda kosmosa emeli hemra toparyny bilelikde ibermekde hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri we ýylyň ahyryna çenli analitiki maglumatlary seljermegiň esasynda teklipleri işläp taýýarlamak ara alnyp maslahatlaşyldy” – diýip, Özbegistanyň Sanly tehnologiýalar ministrligi habar berdi.

Mundan başga-da, ministrler sanly başarnyklary ösdürmek we sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gazagystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri tarapyndan 2022-ni ýylyň maý aýynda kosmos giňişligini öwrenmek we parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekildi. Bu taslama kosmos pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry bolar.


25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

18.06.2026 22:09
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

17.06.2026 11:27
2.5k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.6k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......