Aşgabatda bilim ministriniň TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşygy geçirildi

  • 05.09.2024 15:46
  • 6.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilen we geçiriljek çäreler boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOY-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda myhman 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan geçiriljek çäreleriň jemleýji tapgyrlaryna Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işjeň gatnaşmagyny teklip etdi. 


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......