Tehnologiki ugurlaryň aglabasynda Hytaý ABŞ-dan öňe geçdi

  • 05.09.2024 14:30
  • 3.4k+

Hytaý 64 sany esasy tehnologiýa pudagynyň 57-sinde öňdebaryjy ylmy barlaglar boýunça dünýäde birinji ýerde durýar. Bu barada Awstraliýanyň Australian Strategic Policy Institute (ASPI) seljeriş merkeziniň täze hasabatynda aýdylýar.

Critical Technology Tracker-iň hasabatynda ASPI-niň hünärmenleri dürli ýurtlaryň ylmy we tehnologiki kuwwatyna olarda agzalanlar boýunça iň ýokary görkeziji alnyp  geçirilen barlaglaryň sanyna esaslanyp baha berdiler. Seljerme 2003-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ýigrimi ýyllyk maglumaty öz içine aldy. Iň möhüm tehnologiki ugurlaryň arasynda goranyş, kosmos, energetika, ekologiýa, emeli aň, biotehnologiýa, robot tehnikasy, maglumat howpsuzlygy, hasaplaýyş amallary, ösen materiallaryň işlenip taýýarlanyşy, kwant tehnologiýalary we başgalar ýaly, 64 sany ugur göz öňünde tutuldy.
2019-njy ýyldan 2023-nji ýyla çenli Hytaý kosmos, energetika, AI we kwant tehnologiýalaryny öz içine alýan 57 ugurda öňdeligi eýeledi. Galan ýedi ugurda ABŞ öňde barýar.
Hasabatda, esasanam “Made in China - 2025” döwlet maksatnamasy netijesinde Hytaýyň soňky iki onýyllykda tutýan ornunda ep-esli gowulaşmanyň bardygy bellenýär. Şol bir wagtyň özünde, 2003-2007-nji ýyllar aralygynda bu ýurtlaryň ösen tehnologiýalara goýan maýasy bilen bagly ýagdaý tersinedi: ABŞ 64 ugruň 60-synda, HHR bolsa diňe üç ugurda öňdebaryjy bolupdy. Hytaý ilkinji gezek 2015-nji ýylda ABŞ-dan öňe geçipdi we şondan bäri öňdebaryjylygyny giňeltmegi dowam etdirýär.
Awtorlar tehnologiýanyň monopolizasiýalaşmak töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurýarlar: “ýokary töwekgelçilikli” ugurlaryň sany 14-den 24-e çenli artdy. Olaryň arasynda radarlar, dronlar we hemralaryň ýerleşişi bar.
Şeýle hem hasabatda 45 ugurda agzalan barlaglary iň köp geçirýänleriň arasynda ilkinji bäşligiň hataryna girýän Hindistanyň gazanan üstünlikleri, şeýle hem bioönümçilik we blokçeýn tehnologiýalary pudagynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny ikinji orundan yza süýşürendigi bellendi.
Beýik Britaniýa, tersine, sekiz ugur boýunça ilkinji 5 ýurduň sanawyndan çykyp, ornuny gowşatdy. Şeýle kategoriýalaryň umumy sany 44-den 36-a çenli azaldy.
Ylmy-tehnologiki kuwwat boýunça sanawda beýleki döwletleriň köpüsiniň ýagdaýy üýtgemedi diýen ýaly. Olaryň arasynda - Germaniýa (27 ugur boýunça ilkinji 5-likde), Günorta Koreýa (24), Italiýa (15), Eýran (8), Ýaponiýa (8) we Awstraliýa (7) bar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......