Daşoguz welaýatynda Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi

  • 05.09.2024 13:54
  • 8.3k+

3-nji sentýabrda Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde guraldy.
Maslahat welaýatyň ähli künjeginden gelen ýaşlary bir ýere jemlemek bilen, olara möhüm daşky gurşaw meseleleri boýunça pikir alyşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge ýaşlaryň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Maslahatyň işi tematiki bölümçeler görnüşinde geçirildi.
Bölümçeleriň mowzuklaryna laýyklykda, her topar ýurduň ähli welaýatlarynda geçjek we Aşgabatda tamamlanjak mowzuklaýyn maslahatlaryň ahyrynda kabul ediljek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň deslapky nusgasyna girizmek üçin teklipleri taýýarlady.
Duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň isleglerini we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň (HÜÇK) proseslerine bolan garaýyşlaryny beýan edýän Ýaşlar beýannamasy kabul ediler, şeýle-de ol Bakuda geçiriljek COY19 Ýaşlar maslahatynda hödürlener we COP29-da YOUNGO-nyň resmi ählumumy çemeleşmesine giriziler.


düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......