Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Şwesiýada duşuşyklary geçirdi

  • 05.09.2024 13:46
  • 4k+

Stokgolmda Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda syýasy geňeşlemeleri geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şwed tarapyna – Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň başlygy Tobias Tiberg ýolbaşçylyk etdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. 

Şeýle hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreşmek, ekologiýa, ulag we energetika ýaly ählumumy we sebit gün tertibine degişli meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Türkmen tarapy Şwesiýanyň wekiliýetini Türkmenistan tarapyndan guralýan dürli çärelere gatnaşmaga çagyrdy we ýokary derejedäki duşuşyklary guramak üçin halkara meýdançalary ulanmagy teklip etdi.
Taraplar Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» başlangyjynyň çäklerinde  özara gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny öwrenmegiň wajypdygy barada ylalaşdylar.

Şol gün türkmen wekiliýeti Şwesiýa Patyşalygynyň Riksdagynda (Parlamentinde) Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dostluk toparynyň başlygy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasyndaky şwed wekiliýetiniň ýolbaşçysy Býorn Sýoder bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Şwesiýanyň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge özara taýýardyklaryny bellediler. Bu babatda şu ýylyň oktýabr aýynda iki ýurduň Dostluk toparynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada hem pikir alşyldy. Taraplar iki ýurtda birek-biregiň medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.
4-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa-Atlantik işleri we howpsuzlyk syýasaty boýunça Baş direktory Torbýorn Solstrýom bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň dowamynda şwed tarapy Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Esasy ugurlaryň hatarynda parlamentara gatnaşyklary we halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy bellediler.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......