Kaliforniýa mirasdüşerleriniň razylygy bolmazdan merhum aktýorlaryň emeli aň arkaly "direldilmegini" gadagan edýär

  • 04.09.2024 14:37
  • 9.8k+

Kaliforniýa ABŞ-da, mirasdüşerleriniň razylygy bolmazdan, emeli aňy ulanyp, merhum aktýorlaryň sanly nusgalarynyň döredilmegini kanuny taýdan gadagan eden ilkinji ştat boldy. Döwlet senaty tarapyndan kabul edilen bu kanun gubernator Gewin Nýusomyň goluna garaşýar diýip, “Variety” habar berýär.

Aktýorlaryň SAG-AFTRA kärdeşler arkalaşygy, merhum artistleriň keşpleriniň ulanylyşyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, bu kanuny goldady.
Hukuk hünärmenleri şuňa meňzeş wakalaryň Golliwudda eýýäm ýüze çykandygyny bellediler: 2000-nji ýylda “Gladiator” filminiň surata düşürilişinde aradan çykan Oliwer Ridiň keşbi emeli aňyň kömegi bilen dikeldildi, Pol Uoker bolsa “Forsaž 7” filmine tehnologiýanyň kömegi bilen gaýdyp geldi. Hünärmenleriň belleýşi ýaly, iki ýagdaýda-da mirasdüşerleriň razylygy alyndy.
Kaliforniýada kabul edilen täze kanun, kino pudagynda emeli aňy ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi.


düýn 23:56
5.1k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....