Keseli adamyň alýan demi boýunça ir ýüze çykarmak üçin “akylly” örtük döredildi

  • 04.09.2024 14:02
  • 6.1k+

Kaliforniýa tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary adamyň alýan demi arkaly dürli keselleri ýüze çykaryp bilýän “akylly” örtük döretdiler. Adaty bolmadyk esbabyň synagynyň netijeleri Science žurnalynda çap edildi.

Örtük, laboratoriýa synaglaryny talap etmezden, goýberilýän demdäki himiki maddalara gözegçilik edýän EBCare enjamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol alkogolyň, ammiagyň, nitritiň we pH-iň derejelerini kesgitläp biler.
Maglumatlar Bluetooth arkaly goýberilýän demiň biomarkerlerini seljerýän ykjam programma iberilýär. Bu demgysma, dem alyş ýollarynyň sowuklamasy we böwrek näsazlyklary ýaly keselleri anyklamaga mümkinçilik berýär.
Örtük günüň dowamynda yzygiderli ulanylyp, saglyga yzygiderli gözegçilik edip biler.

“Näsagyň dem alşynyň monitoringi - bu adatça, demgysma we dem alyş ýollarynyň beýleki kesellerine baha bermek üçin edilýär. Mundan ozal hassalar nusgalary bermek üçin hassahana baryp, laboratoriýanyň netijelerine garaşmaly bolýardylar"-diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Weý Gao belleýär.

Işläp düzüjiler enjamyň elýeterlidigini nygtaýarlar. Örtügiň köp gezek ulanylýan böleginiň bahasy onlarça dollar, bir gezek ulanylýan bölekleri bolsa 1 dollar töweregi bolar.
Nottingem uniwersitetiniň professory Ien Holl bu örtük kliniki synaglarda, esasanam, täze dermanlary işläp taýýarlamagyň başlangyç döwründe peýdaly bolar diýip hasaplaýar.


düýn 10:51
865

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......