Perseverance mars roweri iň kyn missiýasyna başlany bäri ilkinji gezek selfi etdi

  • 03.09.2024 22:57
  • 10k+

Perseverance mars roweri 19-njy awgustda kynlyk bilen ýokary galyp başlandan soň, Ýezero krateriniň diwarynyň öňünde özüni ilkinji gezek surata aldy. NASA-nyň maksatnamasynyň çäklerindäki bu dördünji missiýa krateriň düýbünden 300 metr ýokary galmagy we ondan daşyna çykmagy öz içine alýar diýip, Hi-Tech habar berýär.

Bu ugurda Perseverance takmynan 4 milliard ýyl ozal gaçan meteoritden galan galyndylary öwrenýär. NASA-nyň hünärmenleriniň pikirine görä, missiýa örän  çylşyrymly missiýalardan biri boljaga meňzeýär, sebäbi rower dürli dag jynslaryny  öwrenmeli we olaryň nusgalaryny ýygnamaly.
Bu meýdançanyň jikme-jik hemra suratlarynyň ýoklugy sebäpli, rower öz görüş ulgamyndan we akylyndan peýdalanyp, Marsyň geçmişi barada möhüm geologiki maglumatlary öz içine alyp biljek gyzykly nusgalary tapar.
Alymlar topary krateriň ýokarsyndan gadymy dag jynslarynyň we taryhdan öňki durmuşyň yzlarynyň tapylmagyna garaşýar. Ýygnalan nusgalar titan turbalarda saklanar we 2033-nji ýyla çenli Ýere iberiler.
Taslama maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, missiýanyň özi eýýäm wajyp ylmy üstünlik boldy.


şu gün 13:48
1.2k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.3k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.7k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.7k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......