«Rönesans-yň» ýolbaşçysy Aşgabatda guruljak söwda merkeziň taslamasyny tanyşdyrdy

  • 03.09.2024 03:25
  • 19k+

2-nji sentýabrda «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tarapynyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň işine ýokary baha berýändigini, toplanan baý tejribäni hasaba almak bilen, geljekde-de hyzmatdaşlygy giňeltmäge we anyk tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Işewür bildirilen uly ynam üçin sagbolsun aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň ähmiýetine üns çekildi.
Soňra “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Aşgabatda täze, häzirki zaman söwda merkeziniň binalar toplumyny gurmak babatda kompaniýa tarapyndan işlenip taýýarlanylan taslamalary görkezdi. Bellenilişi ýaly, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň hünärmenleri täze söwda merkeziniň gurluşygy we ony enjamlaşdyrmak baradaky degişli maglumatlary taýýarladylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, meýilleşdirilen taslamalar durmuşa geçirilende, ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagynyň, ekologik kadalaryň we halkara ölçegleriň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de taslama düzüjilere, gurluşykçylara bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


düýn 16:02
911

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......