Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri Tailandyň tejribesini öwrendiler

  • 01.09.2024 23:22
  • 5.5k+

BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Zenan torlarynyň Ählumumy Maksatnamasynyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça” Ählumumy Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gümrük gulluklarynyň zenan hünärmenleri üçin Tailanda iş sapary guraldy diýip, türkmen gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Çäre konteýner daşamalarynda we töwekgelçilikleriň görnüşlerini kesgitlemekde Bangkokda we Laýem Çabangda hereket edýän Port gözegçilik toparlarynyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek maksady bilen, Maksatnama gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň Port gözegçilik toparlarynyň zenan düzümlerine gönükdirildi. 20-22-nji awgust aralygynda amala aşyrylan saparyň dowamynda iş gatnaşyklarynyň hem-de sebitara hyzmatdaşlygynyň, şol sanda Maksatnamanyň Zenan torlary meýdançasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça geňeşmeler geçirildi.
Merkezi Aziýaly weikiliýet Bangkokyň we Laýem Çabangyň deňiz portlaryna baryp, umymy maglumatlar we port gözegçiliginiň anyk işleri, şol sanda aradan aýyrma ýagdaýlary bilen tanyşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň Port gözegçilik toparlarynyň işiniň gysgaça beýany boýunça görkezme tanyşdyrylyşlary ýerine ýetirdiler. Bangkokyň we Laýem Çabangyň Port gözegçilik toparlary ulanylýan IT-ulgamynyň, konteýnerlere gözegçilik etmek üçin retgen-enjamlarynyň işleýişini iş üstünde görkezdiler.
Tailanda bolan bu tejribe alyş sapary Bangkogyň Gümrük akademiýasyna baryp görmek bilen tamamlandy. Bu ýerde direktor we mugallymlar topary bilen duşuşyk geçirilip, Tailandyň gümrük gulluklarynyň ýokary wezipeli zenan hünärmenleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty geçirildi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......