Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasyny açdy

  • 01.09.2024 19:22
  • 17k+

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasyny açdy diýip, TDH habar berýär.

Toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.
Toplumyň keşbinde milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Köp gatly binadan ybarat bu toplumda 300 orunlyk mejlisler zaly, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen 110-dan gowrak iş otaglary, 120 orunlyk naharhana, şeýle hem tehniki desgalar bar.
Iş otaglarynda işgärleriň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur enjamlar, şol sanda, kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....