Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumyny açdy

  • 01.09.2024 12:47
  • 17k+

Şu gün - 1-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumyny açdy, diýip TDH habar berýär.

Ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, Watanyň we halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary – parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Oňyn Bitaraplygy, parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetli goňşuçylygy we netijeli halkara hyzmatdaşlygy döwlet syýasatynyň baş ýörelgeleri hökmünde yglan eden Türkmenistan diňe goranyş häsiýetli, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün etmäge, Milli Goşunymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen Harby doktrinany üstünlikli durmuşa geçirýär. 


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

22.05.2026 14:38
2.6k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....