Huawei 60-dan gowrak saglyk görkezijisine gözegçilik edýän TruSense ulgamyny hödürledi

  • 31.08.2024 06:56
  • 2.7k+

Huawei kompaniýasy organizmiň 60-dan gowrak parametrini ölçemäge ukyply bolan Huawei TruSense saglyga gözegçilik ulgamyny hödürledi. Täze tehnologiýa diňe bir fiziki aýratynlyklary däl, eýsem ulanyjynyň emosional ýagdaýyny-da yzarlaýar diýip, Office Life neşiri habar berýär.

TruSense organizmiň alty esasy ulgamynyň ýagdaýyny seljerýär: ýürek-damar, dem alyş, hereketlendiriji, newrologik, endokrin we reproduktiw. Akylly sagatlar ýaly dakylýan gurluşlardaky datçikler pulsa we wegetatiw nerw ulgamynyň işine gözegçilik edip, ulanyja saglygy barada jikme-jik maglumat berýär.
Huawei kompaniýasynyň dakylýan gurluşlar we saglyga gözegçilik tehnologiýalary departamentiniň prezidenti Riko Çžan täze gurluşy sanly saglygy goraýyş pudagynda öňegidişlik diýip atlandyrdy. Kompaniýa TruSense-iň adamlara sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga, näsazlyklary irki tapgyrda ýüze çykarmaga we saglygy barada esasly çözgütleri kabul etmäge kömek etjekdigini belledi.
Dakylýan gurluşlar ugrunda 11 ýyldan gowrak tejribesi bolan Huawei eýýäm 150 milliondan gowrak gurluş bilen üpjün etdi, onuň saglyk üçin programmalarynyň bolsa 520 milliondan gowrak ulanyjysy bar. Häzirki wagtda kompaniýa TruSense-i mümkin boldugyndan takyk we hemmeler üçin elýeterli eder ýaly adamlaryň deri reňkindäki, bilek ýogynlygyndaky we bedeniň temperaturasynyň üýtgemegindäki tapawutlar bilen bagly meseleleri çözmegiň üstünde işleýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......