Apple-iň sanly hyzmatlar bölümçesinden 100 inžener işsiz galdy

  • 30.08.2024 12:26
  • 4.4k+

Apple kompaniýasy sanly hyzmatlar bölümçesinde 100 işgärini azaldýar diýip, Bloomberg habar berýär. Işden çykarmak, esasan, Apple Books programmasynyň we Apple Bookstore sanly kitap dükanynyň üstünde işlän inženerlere täsir eder. Şeýle-de, kompaniýanyň habarlar ugry optimizasiýa ediler, ýöne onuň ösüşi dowam eder.

Bu şu ýylyň dowamynda Apple-de işgärleriň azaldylmagynyň eýýäm dördünji tapgyry. Aprel aýynda kompaniýa iki uly taslamany ýapandan soň 614 işgäri işden aýyrdy. Ýolbaşçylyk işden çykarmagy bazardaky üýtgeşmelere uýgunlaşmagyň we işewürligiň has geljegi uly ugurlaryna ünsi jemlemegiň zerurlygy bilen düşündirýär.
Işden çykaryljak işgärlere kompaniýanyň içinde ýa-da ondan daşary täze iş tapmak üçin 60 gün berler. Olaryň käbiri Apple-iň beýleki bölümçelerinde azaldylan iş ýüki bilen işini dowam etdirip biler.
Işden çykarylmalara garamazdan, Apple-iň hyzmat biznesi iň girdejili ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Geçen ýyl ol kompaniýanyň umumy girdejisiniň 22%-ini üpjün etdi, bu bolsa 10 ýyl mundan ozalkydan ep-esli köpdür, şol wagt bu görkeziji 10%-den hem geçmeýärdi.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....