Türkmenistanda birinji synp okuwçylaryna kämilleşdirilen nusgadaky noutbuklar berler

  • 30.08.2024 10:47
  • 12k+

Türkmenistanda täze okuw ýylynda 155 müňden gowrak birinji synp okuwçylary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan «Bilimli» atly noutbuk kompýuterlerini sowgat alarlar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

«Bilimli» atly noutbuklaryň häsiýetnamalary şundan ybarat:

  • Umumy ýadynyň göwrümi - 128 Gb
  • Operatiw ýady - 4 Gb
  • Sensor panel - noutbuklara sanly şekilleri özünde jemleýän köp taraply sensor paneli goşuldy. Bu bolsa enjamy kalkulýatory işe girizmezden ulanmaga mümkinçilik berýär.
  • Akkumulýatory - 5000 mAs uly göwrümli akkumulýatory (3.7V Lithium-ion полимер) özbaşdak ýagdaýda uzak wagt işlemegi üpjün edýär.
  • Noutbuklaryň ýanyna elektrik üpjünçiliginiň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän Micro USB hem-de USB type-C kuwwatlandyryjy enjamlary goşulýar.

«Bilimli» atly noutbuklaryň programma üpjünçiliginde çagalara hasaplamagy we hat ýazmagy öwredýän ozal bar bolan oýunlaryň üstüne täze programma goşuldy. Ol ýol hereketiniň düzgünleri bilen tanyşdyrýar. Bu programmalar «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanyldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi tarapyndan «Aýdyň gijeler» HJ-i hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy bilen bilelikde taýýarlanylan okuw üçin niýetlenilen noutbuklar Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda birinji synp okuwçylara gowşurylar.


şu gün 10:10
1.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

düýn 22:11
1.6k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......