Türkmenistanyň wekiliýeti Kazanda Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy

  • 29.08.2024 21:37
  • 2.5k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda 26-28-nji awgust aralygynda geçirilen Türkmen-Tatar Bilelikdäki iş toparynyň mejlisine we Nebitgazhimiýa forumyna gatnaşdy diýip, Nebit-Gaz elektron gazeti habar berýär.

“Kazan EKSPO” halkara sergi merkezinde geçirilen forum pudaklaýyn kärhanalaryň arasynda işewür hyzmatdaşlygy halkara derejesinde giňeltmek, häzirki zaman tehnologiýalary we enjamlary ilerletmek, şeýle hem pikir alyşmak, pudagyň ileri tutulýan ugurlary boýunça maglumat almak üçin netijeli meýdança bolup durýar.
Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi duşuşyklary geçirdi. Olarda hyzmatdaşlyk we tejribe alyşmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti maglumat tehnologiýalary we atmosfera howasynyň hapalanmagynyň awtomatizasiýasy ulgamynda işläp taýýarlamalaryny maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......