Türkmen sazandalary «Şark taronalari» XIII Halkara festiwalyna gatnaşýarlar

  • 29.08.2024 17:33
  • 3.4k+

26-njy awgustda Samarkantda Merkezi Aziýanyň iri festiwallarynyň biri bolan «Şark taronalari» («Gündogaryň mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly açyldy. ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçýän festiwala dünýäniň 70-den gowrak ýurtlaryndan ussatlar gatnaşýar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-dan, TÜRKSOÝ-dan, Türki medeniýeti we mirasy gaznasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan hem-de beýleki guramalardan hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew myhmanlary mübärekläp, «Şark taronalari» festiwalynyň dünýä mukamlarynyň hakyky nyşanyna öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Festiwalyň dostlarynyň halkara klubuny döretmek başlangyjy beýan edildi.
Festiwalda Türkmenistana M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Amanmyradow (gyjak), Türkmenistanyň at gazanan artisti, halk saz gurallary orkestriniň ýolbaşçysy Omar Igamow hem-de TMK-nyň 4-nji ýyl talyby Allamyrat Muhammetgulyýew (gargy tüýdük) wekilçilik etdiler.
Saz forumynyň baý maksatnamasy artistleriň Samarkandyň dürli meýdançalarynda çykyş etmeklerini hem-de «Gündogar halklarynyň saz medeniýeti: ählumumylaşma işlerinde döredijilik taýdan ýakynlaşmagyň ýörelgeleri» atly maslahatyň geçirilmegini özünde jemleýär.

Mundan başga-da, iki ugry: halk aýdym-sazlarynyň hünär (nusgawy) ugruny, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligine esaslanan aýdym-saz ugruny gurşap alýan bäsleşik guraldy.
Festiwal 30-njy awgustda tamamlanar


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....