Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy

  • 29.08.2024 11:34
  • 19k+

28-nji awgustda günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz, elektroenergetika, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Eýranda türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilendigini belläp, bu babatda beren goldawlary üçin Beýik ruhy lidere minnetdarlyk bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Eýrana iş saparyny tamamlap, Türkmenistana geldi.


düýn 11:28
577

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......