Hyundai-Kia salonda amatly howany saklamaklyga niýetlenen iň täze tehnologiýalary görkezdi

  • 29.08.2024 02:04
  • 8.3k+

Koreýanyň Hyundai-Kia konserni, artykmaç energiýa sarp etmezden, awtoulagyň içindäki howany has amatly edýän üç sany innowasiýa ösüşini hödürledi diýip, CarBuzz ýazýar.

Birinji tehnologiýa - aýna ýelmenýän sowadyjy nanoplýonka. Ol Gün şöhlesini yzyna serpikdirmek bilen salonyň gyzmagynyň öňüni alýar, şol bir wagtyň özünde ol dury hasaplanýar. Bu bolsa ony, reňkli plýonkalardan tapawutlylykda, islendik ýurtda kanuny edýär. Işläp düzüjileriň sözlerine görä, plýonka awtoulagyň içindäki temperaturany 12 dereje peseltmäge ukyply.
Ikinji tehnologiýa – aýaklaryň ýanynda goşmaça infragyzyl gyzdyryjyny gurmagy öz içine alýan “şöhleli ýyladyş”. Ol adaty ýyladyjy bilen tandemde işläp, düşýän ýüküni 17% azaldýar. Ýyladyjy 110 dereje gyzdyrýar, ýöne howpsuzlyk ulgamy ýanmak howpuny aradan aýyrýar.
Üçünji tehnologiýa - adaty plýonka bilen deňeşdirilende ,has netijeli ýyladyşy üpjün edýän metal örtükli aýna. Aýnanyň doňy dört esse çalt çözýär we 10% az energiýa talap edýär. Mundan başga-da, ol ultramelewşe şöhleleriň azyndan 60% -ini petikleýär.
Bu tehnologiýalaryň hemmesi rahatlygy üpjün etmäge we elektrik ulaglary üçin aýratyn möhüm bolan energiýany tygşytlamaga gönükdirilendir. Görkezilen  çözgütler synag aýlawy gutarandan soň, ýakyn wagtda Hyundai-Kia elektrik ulaglarynda önümçilige çykar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....