Rus lukmanlary urýan ýüregiň aortasyny operasiýa etdiler

  • 29.08.2024 01:58
  • 6.3k+

Permiň (RF) S.G.Suhanow adyndaky Federal ýürek-damar hirurgiýasy merkeziniň (FCCC) kardiohirurglary dünýäde ilkinji bolup urýan ýüregiň aortasyny operasiýa etdi. Bu barada TASS Russiýa Federasiýasynyň Perm ülkesiniň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanyp habar berýär.

Aortada operasiýalar, adatça, ýüregi duruzmak we emeli gan aýlanyşygy ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Emma bu usul ýürek myşsasyna zeper ýetirip bilýär. Permiň lukmanlary, bu töwekgelçiligi azaldyp, ýürek urýarka operasiýa etmäge  mümkinçilik berýän täze bir usuly oýlap tapdylar.
Federal ýürek-damar hirurgiýasy merkeziniň baş lukmanynyň orunbasary Andreý Marçenko täze usul ulanylanda näsagyň ýüreginiň edil operasiýadan öňküsi ýaly ýygylykda urmagyny dowam edýändigini aýtdy.

“Operasiýa emeli gan aýlanyşy ulanmak arkaly amala aşyrylýar - şonuň netijesinde adamyň ähli içki beden agzalary, şol sanda beýni we ýürek hem işlemegini dowam edýär. Ýürek durmaýar-da, koronar perfuziýa dowam edýär. Munuň üçin koronar arteriýalaryň agzyna oturdylan ýörite silikon kanýulalar ulanylýar. Ýürek, aslynda, operasiýa edilýändigine-de düşünmeýär. Ol operasiýa wagtynda-da, ondan soň hem şol bir ýygylykda - näsagyň operasiýa otagyna giren wagtyndaky ýygylykda işleýär" – diýip, Andreý Marçenko gürrüň berýär.

Umuman alanyňda, merkez eýýäm dört sany operasiýa etdi, bu ýürek hirurgiýasynda möhüm öňe gidişlige öwrüldi.
Bölümde kardiohirurgiýada urýan ýüregi operasiýa etmegiň bütin dünýäde amala aşyrylýandygyny düşündirdiler. Hususan-da, urýan ýürekde koronar şuntirleme  amallary üstünlikli ýerine ýetirilýär, şeýle-de dünýä we rus lukmançylygynyň tejribesinde ýürek klapanlarynda şeýle hirurgiki amallar geçirilse-de, aortada bu ilkinji gezekdir.
2012-nji ýylda döredilen S. G. Suhanow adyndaky Federal ýürek-damar hirurgiýasy merkezi Russiýada ýürek-damar kesellerini bejermekde ýöriteleşen öňdebaryjy lukmançylyk edaralarynyň biridir. Merkez her ýyl aorta edilýän ähli  operasiýalarynyň ýarysynda täze usuly ulanmagy meýilleşdirýär.


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......