Mawrikiýniň Türkmenistandaky ilkinji ilçisi ýurdumyzda işine başlady

  • 28.08.2024 14:21
  • 3.6k+

27-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Mawrikiý Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, milli parlamentiň işi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Heswar Janke dostlukly gatnaşyklary, netijeli döwletara dialogy ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Şol gün şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Mawrikiýniň ýurdumyzdaky ilkinji ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Janke bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Söhbetdeşler türkmen-mawrikiý gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.
Halkara guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk babatynda taraplar halkara meýdançalarynda ýurtlaryň başlangyçlaryny özara goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan bilen Mawrikiý Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak we ösdürmek maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli syýasy geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy resminamalarynyň işlenip düzülmegine aýratyn üns berildi.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 18:54
4.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......