BMW 5,8 litrlik V10 hereketlendirijisi bolan 858 CSL-i hödürledi

  • 28.08.2024 10:18
  • 10k+

Monterey Car Week sergisinde Reyn Speed Shop atelýesi 858 CSL diýlip atlandyrylýan 8-nji seriýanyň özboluşly BMW-sini hödürledi. Awtoulag kaşaň kupeden hakyky sport awtoulagyna öwrüldi diýip, IXBT habar berýär.

858 CSL-iň kuzowy düýbünden täzelendi. Onuň panelleri uglerod süýüminden ýasalyp, ulagyň agramyny ep-esli ýeňletdi, bu bolsa “Competition Sport Lightweight” adyna eýe bolmaga mümkinçilik döretdi.
858 CSL kapotynyň aşagynda ýörite hereketlendiriji ýerleşýär. Adaty V8 ýa-da V12 hereketlendirijilerine derek, atelýe E60 neslinden bolan M5-iň 5.0 litrlik V10 hereketlendirijisini saýlady. Hereketlendiriji üýtgedilip, 5,8 litrlik göwrüm we alty basgançakly mehaniki geçiriji aldy. Täzelenen hereketlendirijiniň takyk aýratynlyklary entek aýan edilmedi.
BMW 858 CSL-iň diňe bir täzelenme bolman, eýsem kupeniň ýokary öndürijilikli sport awtoulagyna öwrülişidigini belledi.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

18.06.2026 10:58
4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......