Türkmen hünärmenleri bilim ulgamynda Singapuryň tejribesini öwrenýärler

  • 27.08.2024 20:03
  • 5.6k+

19-23-nji awgust aralygynda Singapur döwletine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň adyndan Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri O.Berdiýew “Bilim syýasatyny işläp taýýarlaýjy hünärmenler üçin bilimiň üýtgedilmegi: Singapuryň tejribesi” atly maksatnama boýunça halkara seminara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

O.Berdiýewiň aýtmagyna görä, halkara seminaryň maksatnamasy baý many-mazmuna eýe boldy. Diňleýjiler Singapuryň bilim ulgamynyň öňünde duran wezipelerine laýyklykda meseleleri çözmekde hünärmenleriň tejribesine hem-de okuwçylaryň ygtyýarlyklarynyň döredilmegine we olaryň geljekde mekdepde üstünlikli okamaklary üçin şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen oňaýly netijeleri gazanmak maksady bilen bu ýurtda geçirilýän özgerişleri bilen tanyşdylar.
Singapuryň bilim ulgamyndaky hem-de bilim ulgamyny dolandyrmakdaky toplumlaýyn çemeleşmede häzirki zaman usullary, şeýle-de singapurly mekdeplerde bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we liderlige höwes döretmäge gönükdirilen syýasaty we innowasiýa tejribeleri derňeldi.
Trening tejribe alyşmagy, bilim edaralaryna baryp görmekligi, topar sapaklaryna gatnaşmaklygy öz içine aldy. Leksiýa berenleriň görkezme tanyşdyrylyşy örän giňişleýindi, netijeli çekişmeler geçirildi. Seminaryň netijesinde oňa gatnaşyjylara halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşuryldy.


düýn 19:38
2.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......