Türkmen bilermenleri Bişkekde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça okuwyna gatnaşýar

  • 24.08.2024 16:26
  • 2.2k+

20–23-nji awgust aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Konwensiýasynyň sanawlaryna hödürlenýän işleri taýýarlamak babatda okuwlar geçirildi. Bu okuwlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň wekilleri gatnaşdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri hem bar.
Okuwlarda ÝUNESKO-nyň 2003-nji ýyldaky Konwensiýasy babatda «Maddy däl medeni miras» düşünjesine garalýar, şeýle hem hökmany goralmaga mätäç bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy hem-de goramagyň öňdebaryjy tejribeleriniň görkezijisi ýaly guramanyň dürli sanawlarynyň aýratynlyklary öwrenildi.
Agzalan sanawlaryň aýratynlyklary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni mirasynyň gymmatlyklary arkaly görkezilen hödürlenýän işleriň mysalynda seljerilýär. Şeýle hem şu sanawlarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sazlaşyksyz çykyş etmekleriniň sebäplerini ýüze çykarmak we bilelikdäki köpmilletli hödürlenýän işleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çäre «Merkezi Aziýada Ýüpek ýoly mirasynyň geçelgeleri – medeni mirasyň Ýewropa ýylynyň halkara ölçegi» atly taslamanyň çäklerinde geçirildi. 


düýn 23:05
665

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
789

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......