BMW Tesla-dan öňe geçdi: kompaniýa Ýewropanyň elektromobil bazarynda öňdebaryjy boldy

  • 24.08.2024 16:11
  • 9.2k+

Iýul aýynda BMW taryhda ilkinji gezek Tesla-dan öňe geçip, Ýewropanyň elektromobil bazarynda birinji orny eýeledi. CarScoops we JATO Dynamics kompaniýalarynyň maglumatlaryna görä, germaniýaly awtoöndüriji Ýewropa 14 869 elektromobil iberdi, Tesla bolsa 14 561 elektromobil satdy diýip, IXBT habar berýär.

BMW-niň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. BMW-niň öňdebaryjydygyna garamazdan, Tesla Model Y 9544 birlik bilen henizem Ýewropada iň köp satylan elektromobilleriň sanawynda birinji orny eýeleýär. Onuň yzyndan Volvo EX30 (6573 birlik) we Volkswagen ID.4 (5295 birlik), şeýle-de Tesla-nyň ýene bir awtomobili – Model 3 (4694 birlik) gelýär. BMW iX1 krossoweri we ýakynda täzelenen BMW i4 Gran Coupe iýul aýynda arassa elektrik modelleriň sanawynda, degişlilikde, altynjy we ýedinji orunlary eýelediler. Olaryň satuw görkezijisi 4305 we 4198 birlige deň boldy.
Umuman, Ýewropada awtomobil satuwy iýul aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2% ýokarlanyp, 1,03 mln birlik boldy. Ýöne elektromobil satuwy 6% pese gaçyp, 139 300 birlik boldy, bazar paýy bolsa 13,5%-e çenli azaldy.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....