Serdar Berdimuhamedow «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýan dutarçylary gutlady

  • 24.08.2024 15:39
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýär.

"Türkmen ilinde tutulýan tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülen aýdym-saz sungatymyz dutardyr gyjagyň, tüýdügiň sazlaşykly owazyndan döräp, halkyň ruhy ganatyna öwrülipdir. Häzirki döwürde ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çärelerde bagşylarymyzyň aýdýan joşgunly aýdymlary, sazandalarymyzyň çalýan şirin sazlary ynsan kalbyna ýagşy duýgulary eçilip, göwünlere ylham bolup ornaýar" - diýip, döwlet Baştutany belleýär.
Biz milli bagşyçylyk we saz sungatymyzda öz kämil aýdym-sazlary bilen halkyň hakydasynda ýaşaýan halypa bagşy-sazandalarymyza buýsanmaga haklydyrys. Muhy bagşy, Oraz Saryýew, Geldi Ugurlyýew, Tugur Berdinyýazow, Kiçi Geldimyradow, Giçgeldi Amanow, Geldimämmet Orazgulyýew, Oraznepes Döwletnazarow, Döwletgeldi Ökdirow, Oraz Begnyýazow, Japar Hojanepesow, Baky Maşakow, Tüýli Otuzow, Sarman Hudaýberdiýew, Gurban Seýitmämmedow, Ryzaguly Ataýew, Myrat bagşy, Öwezmyrat bagşy, Durdy Myradow, Gaýgysyz Çaryýew we başga-da ençeme ussat bagşy-sazandalarymyz milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşdular. Meşhur halypalaryň sungat älemindäki ýoluny häzirki wagtda ýaş bagşy-sazandalar mynasyp dowam etdirýärler. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen halkynyň dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty köp ýyllar bäri dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär.
Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen dutarynyň şabram şelpelerinden çykýan şirin mukamlar ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar zamanamyzyň belent waspy bolup ýaňlanýar. Geljekde ýurdumyzyň ýaş bagşy-sazandalarynyň şirwan perdelerde ýaňlanýan aýdym-sazlary bilen bagşyçylyk sungatymyzyň has-da ösdürilmegine uly goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn - diýip Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......