Gyzyl ýa-da ýaşyl? Bilermenler almanyň iň peýdaly görnüşini aýtdylar

  • 24.08.2024 10:32
  • 12k+

Azyk önümleri ugrundan bilermenler almanyň gyzyl görnüşiniň ýaşyl bilen deňeşdirilende saglyk üçin has peýdalydygyny aýdýarlar.

Almanyň 85% suwdan ybaratdygyna garamazdan, ol düzüminde köp mukdarda witaminleri, mikroelementleri we işjeň ösümlik maddalaryny saklaýar.
Gyzyl alma damarlaryň sagdynlygyny goldaýan we erkin radikallary bitaraplaşdyryp, öýjükleriň wagtyndan öň garramagynyň öňüni alýan antosianlaryň ýokary düzümi bilen tapawutlanýar.
Şeýle-de, ol gan basyşynyň peselmegine ýardam edýän we çişmä garşy hem-de antioksidant täsirlerine eýe bolan polifenollara baýdyr. Bu häsiýetler hem gyzyl almany umumy saglygy berkitmek üçin aýratyn gymmatly edýär.


09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....