«Daşoguznebitgazgurluşyk» welaýatdaky gaz geçirijileriniň netijeli we ygtybarly ulanylmagyny üpjün edýär

  • 22.08.2024 12:31
  • 6.2k+

«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri Daşoguz welaýatynyň çäginden geçýän dürli basyşly gaz geçirijileriniň netijeli we ygtybarly ulanylmagyny üpjün edýärler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Ýöriteleşdirilen tehnologiýanyň we hünärli işgärleriň ýeterlik bolmagy ýerüsti we ýerasty gaz geçirijilerine tehniki hyzmat etmek boýunça hyzmatlaryň doly görnüşlerini ýerine ýetirmäge, şol sanda zerurlyk boýunça aýry-aýry bölekleri ýa-da aýry-aýry ýerleri üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem trestiň hünärmenleri Görogly etrabyndaky magistral gaz geçiriji bölekleriniň birinde zähmet çekýärler, ol ýerde meýilnama laýyklykda magistralyň bu böleginiň degişli tehniki ýagdaýyny saklamak üçin zerur işleri geçirýärler.
Şol bir wagtda trestiň işgärleri ýaşaýyş jaý we kommunal hojalygynyň täze binalaryny, Daşoguz welaýatynyň senagat kärhanalaryny gazlaşdyrmaga, şeýle hem ýaşaýyş jaý gurluşygynda gurluşyk toparynyň bolmagy netijesinde işjeň iş alyp barýar.
Şeýlelik bilen şu günler Daşoguz şäherinde gurulýan uly ýaşaýyş jaý toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanýar.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....