ÝUNISEF Aşgabatdaky Kids Expo sergisine çagyrýar

  • 20.08.2024 15:25
  • 3.5k+

BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabatda "Garagum" myhmanhanasynyň ýanyndaky meýdançada 19-njy awgustda badalga alan Kids Expo sergisine gatnaşýar. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu görnüşdäki sergi ÝUNISEF-e çagalar we olaryň ene-atalary bilen interaktiw ýagdaýda özara gatnaşyk etmäge mümkinçilik berýär diýlip, guramanyň saýtynda aýdylýar.

Serginiň birinji gününde dürli görnüşli oýunlar, bilim programmalary we maglumat beriş çäreleri guraldy. ÝUNISEF-iň diwarlygyna baryp görenler gyzykly çärelere gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

«ÝUNISEF-de biz çagalar bilen bagly bolan ähli zadyň bir bölegi bolmaga uly ymtylyş bilen gatnaşýarys. Kids Expo bize maşgalalar bilen gatnaşyk etmäge, maglumat alyşmaga we Türkmenistandaky çagalar üçin täze hyzmtdaşlyklary ýola goýmaga oňat mümkinçilik berýär - diýip, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea belleýär.
«Biziň bilen bilelikde oýnamaga, öwrenmäge we şatlanmaga geliň. Biz her bir çaga üçin ýagty geljegiň ugrunda iş alyp barýarys!" diýip, guramanyň saýtynda aýdylýar.

«Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» sergi-ýarmarkasy 22-nji awgusta çenli dowam eder.


şu gün 00:57
403

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......