Google Midjourney we DALL-E 3 bilen bäsleşip bilýän Imagen 3 şekil generatoryny köpçülige ýetirdi

  • 20.08.2024 12:08
  • 5.7k+

Google teksti şekile öwürýän iň täze modeli bolan Imagen 3-iň giň köpçülige elýeterlidigini mälim etdi diýip, mashable.com portaly ýazýar.

Emeli aň (AI) bilen işleýän bu şekil generatory maý aýynda Google I/O konferensiýasynda hödürlendi. Ol şekillerdäki ýoýulmany we galmagaly azaldýan, kämilleşdirilen algoritmleri hödürleýär. Mundan başga-da, döredilen ähli şekiller gelip çykyşyny yzarlamaga mümkinçilik berýän SynthID sanly suw belgilenmesi bilen bellenýär.
Imagen 3 Midjourney we DALL-E 3 ýaly modeller bilen bäsdeşlik edip, köpugurlylygy we görlüş hili bilen tapawutlanýar. Google ulanylan süzgüçleriň we maglumat bellikleriniň AI howpsuzlygy kontekstinde aýratyn möhüm bolan zyýanly mazmun döretmek ähtimallygyny peseldýändigini nygtaýar.
Model eýýäm ImageFX we VertexAI arkaly ulanyjylar üçin elýeterlidir. Onuň funksiýalary ýakyn wagtda ähli platformalarda Google Workspace-e we Gemini-e birleşdiriler. Şeýle-de bolsa, käbir ulanyjylar döretmäge elýeterli şekilleriň çäklidigi babatda alada bildirýärler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3.1k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....