Lamborghini "Temerariо" ulagyny çykardy: 920 at güýji we 200 km/sag-a 7,3 sekuntda çykýar

  • 19.08.2024 19:01
  • 10k+

Lamborghini Huracan modeliniň ornuny tutjak täze Temerario gibrid superkaryny resmi taýdan hödürledi diýip, Motor1 habar berýär.

Täze model 4,0 litrlik iki turbo görnüşli V8 we üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen işleýän, umumy kuwwaty 920 at güýji bolan  geçirilýän gibrid hereketlendirijiden ybarat.
Temerario 2,7 sekuntda 100 km/sag tizlige çykýar we 200 km/sag-a 7,3 sekuntda ýetip bilýär. Iň ýokary tizlik sagatda 340 km.

Superkar elektrikli tokda işlände çäkli ýöreýiş aralygyny üpjün edýän 3,8 kWt batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Elektrik gurluş tekerleri doly hereketli we çekiş wektoryny dolandyryş ulgamly 8 tizlikli robot geçirijini we drift ýaly birnäçe hereketlendiriş režimini öz içine alýar.

Salonynda uglerod süýümi we deri ulanylýar, öň panelde 12,3, 8,4 diagonally we 9,1 dýuýmlyk üç displeý bar.
Täze superkaryň bahasy entek yglan edilmedi. Şeýle-de bolsa, Temerario modeli işe girizilenden soň, Lamborghini awtoulaglarynyň setiriniň tutuş elektrikleşdiriljekdigi mälimdir.


24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

10.06.2026 11:18
5.5k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......