Alymlar bedeniň ýylylygyndan elektrik energiýasyny öndürýän mata döretdiler

  • 19.08.2024 18:19
  • 7.8k+

Waterloo uniwersitetiniň we Szýannan uniwersitetiniň barlagçylary bedeniň ýylylygyny we Gün energiýasyny elektrik toguna öwrüp bilýän mata döretdiler. Material MXene-den hem-de ýokary geçirijilige we çeýelige eýe bolan geçiriji polimerlerden durýar. Ony saglyk we işjeňlik görkezijilerini jemlemek üçin ulanyp bolar.

Mata neýlona esaslanýar, onuň ýüzüne wodorod baglanyşyklary arkaly MXene bölejiklerini özüne çekýän polidopaminiň (PDA) şepbeşik gatlagy çalyndy. Bu elastik termoelektrik gurluşyň emele gelmegine sebäp boldy.
Yzygiderli zarýad berilmegini talap edýän adaty geýilýän enjamlardan tapawutlylykda, täze mata batareýa gerek däl. Geçirilen synaglar onuň, bazardaky bar bolan analoglar bilen deňeşdirilende, gaty durnukly, çydamly we tygşytlydygyny görkezdi.
Inženerler temperatura, basyşa, himiki düzümine we beýleki parametrlere gözegçilik etmek üçin, materiala dürli datçikleri birleşdirmegi göz öňünde tutýarlar. Beýleki zatlar bilen birlikde, temperaturany we dem alyş tizligini yzarlap bilýän, şeýle hem demdäki himiki maddalary ýüze çykarmak bilen wiruslary, öýken rakyny we beýleki keselleri kesgitlemäge kömek edip biljek akylly ýüz örtüklerini döretmek teklip edilýär.


şu gün 10:31
4.8k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......