Täjigistan elektromobilleriň önümçiligini ýola goýar we olaryň eýelerini höweslendirer

  • 20.08.2024 11:58
  • 7.6k+

Täjigistan hytaýly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda öz elektromobillerini öndürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Kabul edilen maksatnama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli ýurtda elektromobilleriň we zarýad beriş stansiýalaryň önümçiligini ýola goýmak, şeýle hem olaryň işlemegi üçin ähli zerur infrastrukturany döretmek meýilleşdirýär diýip, Motor.ru habar berýär.

Elektromobillere bolan islegi artdyrmak üçin, alyjylara ýaşyl belgili nyşanlar berler we dürli artykmaçlyklar dörediler.
Elektrik transportyny ýola goýmak karary ýurtda olara bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Täjigistanyň gümrük gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylda ýurda 3316 sany elektromobil import edildi we 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji eýýäm 5266 elekromobile ýetdi.
Elektrik transportyny ösdürmek maksatnamasynyň çäginde 228,9 million somoni (takmynan 21,5 million dollar) sarp etmek meýilleşdirilýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......