Russiýada tozan, maňyz we alma allergiýasyna garşy dünýäde ilkinji sanjym synag edilýär

  • 19.08.2024 10:22
  • 3.2k+

Russiýada sentýabr aýynyň ahyrynda almanyň, maňzyň, berýoza we soýa agaçlarynyň tozanjyklaryna bolan allergiýa garşy dünýädäki ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlar. Bu barada “Kommersant” Federal lukmançylyk we biologiýa gullugynyň (FLBG) ýolbaşçysy Weronika Skworsowa salgylanyp habar berýär.

Bu derman serişdesi FLBG-niň immunologiýa institutynyň we Wena lukmançylyk uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzüldi.
Sanjym berýoza allergeniniň esasy bölümlerini öz içine alýan sintetiki peptiddir. Ol gipoallergen hasaplanyp, hiç hili zäherlenmä sebäp bolup bilmeýär. Sanjym kursy diňe 3-5 sanjymy öz içine alýar, bu adaty usullar bilen deňeşdirilende bejerginiň wagtyny ep-esli azaldýar.
Deslapky synaglar sanjymyň howpsuzlygyny tassyklady. Kliniki synaglar üstünlikli tamamlanandan soň, derman Russiýanyň lukmançylyk edaralarynda elýeterli bolar.


20.06.2026 12:08
6.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......