19-njy awgustda Aşgabatda Kids Expo sergi-ýarmarkasy açylar: bu serginiň nämesi üýtgeşik?

  • 19.08.2024 01:05
  • 4.3k+

19-njy awgustda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek Aşgabatda “Kids Expo: hemme zat çagalar üçin” atly Halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy açylar.

Bu çäre çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň senagatynda esasy wakalaryň biri bolup, bazaryň bu ugry boýunça kompaniýalara özleriniň goşantlaryny goşmaga mümkinçilik berer.
Sergi-ýarmarka 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 19-22-si aralygynda “Garagum” myhmanhanasynyň arka tarapynda Kids Expo göçme Sergi merkezinde geçiriler (A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň ýanynda).

Serginiň çäklerinde geçiriljek çäreler
Sergi tematikasy ähli ýaşdaky çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň dürli toparyny öz içine alýar. Bu körpeje çagalar üçin niýetlenen harytlar we hyzmatlar, okuw we bilim, oýnawaçlar we ösdüriji esbaplar, çagalar edebiýaty, sagdyn iýmitlenme, sport we beden ösüşi, döredijilik we çeperçilik, çaga modasy, çagalar üçin Internet-howpsuzlyk tehnologiýalary, çaga syýahatçylygy we gezelençleri bilen baglanyşykly harytlardyr.
Serginiň geçirilýän ýerine №1, 3, 22, 33, 68 belgili awtobuslar bilen baryp bolýar, myhmanlar üçin awtoulaglaryň goýulýan ýeri hem göz öňünde tutuldy.

Sergide mekdep bazary hem bolar. Şeýle hem çagalar palçykdan şekil ýasamak, surat çekmek, amaly sungat boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşan, kiberzolaklarynda oýun döreden wagtlary (ählisi mugt!), ene-atalar pursatdan peýdalanyp, sergidäki mekdep bazarynda okuw ýylyna degişli gerekli zatlary satyn alyp bilerler.
Serginiň ähli dört gününde çagalar üçin dürli şowhunly çäreler, öwrediji ussatlyk sapaklary, robot tehnikasy boýunça bäsleşikler, fokusçylaryň we animatorlaryň çykyşlary, görkezme 3D çap etmeleri, porolon şowhuny, akwagrim we beýleki çäreler geçiriler.
Mundan başga-da, çagalar milli şaý-sepleriniň, agaçdan we keramikadan önümleriniň ýasalyş wagty halk amaly-haşam sungatynyň ussalarynyň işi bilen tanşyp bilerler.
Ýaş zehinleriň şowhunly çykyşlary, kitap okamak boýunça ýaryşlar, aşpezlik sungaty we beýlekiler! Ähli gatnaşyjylara ýatdan çykmajak sowgatlar we täsirli duýgylar garaşýar! Türkmenistandaky MINIBOSS BUSINESS SCHOOL bilim edarasynyň ýaş telekeçileri öz işewürlik taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Meşhur hünärmenler hünär saýlamak we çagalara ösmekde we öz zehinini açyp görkezmekde nädip ýardam bermelidigi barada aýdyp bererler.
Körpejeler we olaryň ene-atalary çalt emedekleme boýunça marafona gatnaşyp bilerler. Iň çalasyn körpejä Ynamdar marketpleýsden sowgatlar garaşýar: bütin ýyl boýunça mugt çaga pampers arlyklary!
Sergide iki sany dürli tagamly kafeler gurnalar. Mundan başga-da myhmanlar üçin “tagamlaryň ýarmarkasy” taýýarlanylar. Bu ýerde çagalara we ene-atalara ajaýyp süýjülikler, süýjüli hamyr önümleri we süýjülik sowgatly ýörite taýýarlanan kids-bokslar hödürlener.
Hem oglanjyklar, hem gyzjagazlar üçin paýtagtymyzyň iň gowy modelýerleri tarapyndan taýýarlanylan çaga modasynyň görkezilişi bolar. Goç Ýigit, Mildy Dress, Ýenme we beýleki tanymal markalaryň egin-eşikleriniň kolleksiýalary görkeziler.
Sergi-ýarmarkasynyň meýilnamasy bilen sergiň saýtynda tanşyp bilersiňiz.

Goşmaça maglumat üçin info@turkmenexpo.com elektron salga ýazyp bilersiňiz ýa-da +993 63 714983 belgili telefona jaň edip bilersiňiz!


düýn 18:22
6k+

Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap, Aşgabat – Ýolöten ugry boýunça gündelik awtobus gatnawy işe girizilýär. Bu barada «Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti mälim etdi. Täze ugurlaryň açylmagy...

düýn 18:09
6.8k+

Aşgabat — Mary we Aşgabat — Baýramaly awtobus gatnawlary täze nokatdan ugrar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabatdan Mary we Baýramaly şäherlerine gatnaýan şäherara awtobus gatnawlarynyň ugraýan ýeriniň üýtgeýändigini habar berýär. Bu üýtgeşme 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan güýje girer...

24.02.2026 16:37
4.1k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy

Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy...

22.02.2026 15:18
1.4k+

ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň başlyklyk etmeginde ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi...