Euronews Astanada Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasyny açar

  • 17.08.2024 20:56
  • 4k+

Astanada Ýewropanyň Euronews habarlar teleýaýlymynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy peýda bolar. Hyzmatdaşlyk barada şertnama Brýusselde Gazagystanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa we Euronews-iň müdirler geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid tarapyndan gol çekildi.

Euronews Astanadan gazak medeniýeti, sungaty we durmuş ýörelgesi barada Modern nomads teleşouwyny, ykdysadyýet we syýasat barada gepleşikleri, “Merkezi Aziýadan sesler” programmasynda sebitiň tanymal şahsyýetleri bilen söhbetdeşlikleri ýaýlyma bermegi meýilleşdirýär. Focus reportažlarynda uly sebit çäreleri görkeziler.
Şeýle-de, kanal sentýabr aýynda Astanada geçiriljek Bütindünýä çarwalar oýunlarynyň maglumat hyzmatdaşy bolar.

“Bu biziň gündogara tarap iň uzak giňelmegimizdir. Biz bütin dünýäde 1,2 milliard adam üçin ýaýlyma berilýän kanal we Merkezi Aziýa aralaşmak biziň köpden bäri islän zadymyzdy” – diýip, Pedro Wargas Dawid belledi.


düýn 09:55
644

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

17.06.2026 11:27
2.2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

17.06.2026 11:17
3.2k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

16.06.2026 19:44
2.2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......