4012 km: Bir günde motosiklde geçilen aralyk boýunça rekord goýuldy

  • 17.08.2024 19:04
  • 10k+

Ispaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Iwan Serwantes motosiklde 24 sagadyň dowamynda geçilen iň uzak aralyk boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Ol Triumph Tiger 1200 GT Explorer motosiklinde Italiýanyň ýokary tizlikli Nardo halkasynda 4012,53 km geçdi diýip, Naked Science habar berýär.

Serwantes 2017-nji ýylda amerikaly Karl Riz tarapyndan goýlan öňki rekordy 600 km-den gowrak tapawut bilen täzeledi.
Täze rekord eýesiniň ortaça tizligi sagatda 167,79 km boldy. Ol 24 sagatda ýolda 317 aýlaw etdi.
Rekord goýmaga gatnaşan motosikliň Angliýadaky Triumph fabrikasynda tötänleýin saýlanandygy we hiç hili üýtgeşmelere sezewar edilmändigi bellärliklidir.


düýn 17:17
2.4k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.1k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
10k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....