Güne siňe seretseň..: Günde soňky 20 ýylda rekord möçberde tegmil ýüze çykaryldy

  • 17.08.2024 14:14
  • 9.1k+

Günde soňky 20 ýylda rekord möçberde Gün tegmilleri hasaba alyndy. NASA-nyň Gün dinamikasy obserwatoriýasynyň (SDO) 2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda düşüren suratlarynda hünärmenler 337 sany aýry-aýry tegmili hasapladylar. Günde tegmilleriň şeýle möçberi 2001-nji ýylyň mart aýyndan bäri ýüze çykarylmandy.

Maglumatlar heniz gutarnykly däl, ýöne Kosmos howasyny çaklamak merkeziniň (SWPC) hünärmenleri Gün işjeňliginiň 25-nji döwrüniň çak edilenden has işjeňdigni nygtaýarlar.
Öň, bu döwrüň iň ýokary derejesiniň 2024-nji ýylyň ýanwar – oktýabr aýlaryna gabat geljekdigi çaklanypdy.
Günüň şeýle işjeňligi ajaýyp polýar şöhlelenmeleriniň döremegine getirip, hemralaryň işini bozup we howa duýgur adamlaryň ýagdaýyna täsir edip bilýän geomagnit hadysalaryny ýüze çykarýar.
SWPC Gün tegmilleriniň sany bilen bagly gutarnykly maglumatlary aýyň ahyrynda hödürlär. Şol bir wagtyň özünde, Gün tegmilleriniň indeksi we uzak möhletleýin Gün gözegçilikleri boýunça Bütindünýä maglumatlar merkezi (WDC-SILSO) we Belgiýadaky Patyşalyk obserwatoriýasynyň Günüň täsiri boýunça maglumatlar merkezi (SIDC) häzirki wagtda tegmilleriň sanyny 299 diýip çaklaýar, bu bolsa 2002-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...