Guardian: 2024-nji ýyl iň ýokary temperatura derejeleriniň sany boýunça rekordy täzeledi

  • 16.08.2024 10:16
  • 8.7k+

2024-nji ýyl bütin dünýäde hasaba alnan iň ýokary temperatura derejeleriniň sany boýunça rekordly boldy. Britaniýanyň “The Guardian” gazetiniň maglumatlaryna görä, dünýäniň 15 ýurdunda rekord derejede ýokary howa temperaturalary hasaba alyndy, şeýle-de dürli ýurtlarda aýlar boýunça 130 ýylylyk rekordy täzelendi. 

Klimatolog Maksimiliano Errera 2024-nji ýylda adatdan daşary ýylylyk hadysalarynyň sanynyň öň hasaba alnan görkezijilerden geçýändigini belleýär. Hususan-da, Meksikada temperatura Selsiý boýunça 52 gradusa, Müsürde 50,9 gradusa, Malide bolsa 48,5 gradusa ýetdi.
Bilermen adatdan daşary yssy howanyň adamyň işiniň netijesinde ýüze çykan global ýylama, şeýle-de El-Ninýo tebigy hadysasynyň täsiri bilen baglanyşyklydygyny belläp geçýär. El-Ninýonyň gowşamagyna garamazdan, 2024-nji ýylda temperatura rekordlarynyň sany azalman, tersine, köpeldi.


24.03.2026 07:08
3.7k+

BMG: 2025-nji ýyl soňky 176 ýylyň içinde iň yssy ýyllaryň biri boldy

Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýyl taryhda iň yssy ýyllaryň biri bolup, bu görkeziji boýunça ikinji ýa-da üçünji orunda durýar. Ýer ýüzüniň ortaça temperaturasy senagatdan öňki 1850–1900-nji ýyllar aralygyndaky derejeden takmynan 1,43 dereje ýokary boldy...

23.03.2026 05:25
4.3k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

12.02.2026 11:25
1.5k+

Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir...

06.02.2026 15:41
16k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...