iPhone 16 hatarynda täzelenmeler we üýtgeşmeler: Apple 2024-nji ýylda näme taýýarlaýar?

  • 16.08.2024 00:18
  • 8.4k+

Bloomberg-iň žurnalisti we Apple önümleri boýunça bilermen Mark Gurman geljekki iPhone 16 hatarynda garaşylýan üýtgeşmeler barada maglumatlar bilen paýlaşdy.

Esasy pursatlar:

  • ·Apple 2024-nji ýylda dört model çykarar: iPhone 16, 16 Plus, 16 Pro we 16 Pro Max.
  • ·Ähli gurluşlar 8 GB operatiw ýada we Apple Intelligence-iň işlemegi üçin zerur bolan kuwwatly Apple A18 çibine eýe bolar.
  • ·Apple Intelligence-iň intellektual funksiýalary ähli iPhone 16 modellerine giriziler, şeýle-de iPhone 15 Pro-da we 15 Pro Max-da peýda bolar.
  • ·iPhone 16 we 16 Plus öň diňe Pro we Pro Max modellerinde bar bolan sazlanylýan klawişa Action Button bilen üpjün ediler.
  • ·iPhone 16 Pro-nyň we 16 Pro Max-yň kamerany dolandyrmak üçin aýratyn düwmä eýe bolmagyna garaşylýar.
  • Galtaşma awtofokusy işjeňleşdirer.
  • Basmak surata düşürer.
  • Swaýp masştaby üýtgeder.
  • ·iPhone 16 Pro bilen 16 Pro Max-yň ekran ölçegleri ulaldylar: Pro 6,1 dýuýmdan 6,3 dýuýma çenli, Pro Max – 6,7 dýuýmdan 6,9 dýuýma çenli.
  • ·Täze reňk görnüşleri, şol sanda Titanium Blue-nyň deregine “gülgüne altyn” Pro seriýasynda peýda bolar.

Gurman bu üýtgeşmeleriň iPhone satuwynyň ösüşine ep-esli täsir edip bilmejekdigini belleýär, muny Apple-iň soňky maliýe hasabatyndaky sada çaklamalary hem delillendirýär.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....