BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutjak garaýyşlary

  • şu gün 15:09
  • 1.3k+
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutjak garaýyşlary

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Sessiýa 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda başlanar. Döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki hepdelik 23-27-nji sentýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi saýtynda ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny çap etdi.
Parahatçylyk we howpsuzlyk
2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer.
Türkmenistan Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini dowam etdirer. Bu ugurda ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara düzümleri, institutlary we BMG-niň edaralaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.
Halkara resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň 15 ýyllygyna bagyşlanan resminamalaryň işlenip düzülmegi dowam etdiriler.
Bitaraplygy we parahatçylyk başlangyçlaryny üpjün etmekde baý tejribä eýe bolan Türkmenistan BMG-niň ählumumy araçylarynyň ýöriteleşdirilen taýýarlyk we iş maksatnamasyny döretmegi teklip edýär.
Terrorçylyga garşy göreş hem ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Ýurdumyz bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Durmuş-ykdysady ugur
Bu ugurda Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär. Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip edýär. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar.

Howa meselesi
Howa meselesi-de Türkmenistan üçin üns merkezinde bolmagynda galýar. Merkezi Aziýada daşky gurşaw meselelerine strategik taýdan çemeleşmekde möhüm ädim hökmünde ýurdumyz ýöriteleşdirilen düzümi — BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işini dowam etdirer.

BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komitetiniň 2023-nji ýylyň 19-njy maýyndaky «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny (UNSPAS) döretmek ugrunda taslama resminamalaryny taýýarlamak boýunça guramanyň degişli edaralary bilen geňeşmeleri dowam etdirer. Hazar deňziniň gaýtalanmajak tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu meselede halkara tagallalara anyk mazmun bermek üçin Türkmenistan 2025-nji ýylda ikinji Hazar daşky gurşaw forumyny guramagy teklip edýär.

Ynsanperwer ulgam
Türkmenistan BMG-niň edaralary bolan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamagy dowam etdirmegi maksat edinýär.

Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we onuň öňüni almak boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmegini goldap, bu mesele boýunça sebit maslahatyny geçirmegi göz öňünde tutýar.
«Sport parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna» atly ählumumy gün tertibini öňe sürmekde esasy gatnaşyjylaryň biri hökmünde ýurdumyz sport diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunda 2024-nji ýylyň aprelinde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ösüş hepdeliginiň çäginde geçirilen BMG-niň ilkinji Diplomatik dostluk oýunlarynyň tejribesine esaslanyp, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda şeýle oýunlary her ýylda geçirmegiň tejribesini berkitmäge gönükdirilen Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemäge taýýarlyk görýär. Resminamanyň esasy maksady halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy, döwletara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin gural hökmünde sportuň mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Medeniýetara dialogy güýçlendirmek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak hakynda Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä türki dilleriň güni» atly Kararnamasynyň taslamasyny ilerletmegi dowam etdirmegi teklip edýär.


şu gün 13:39
1.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentine Ynanç hatlaryny gowşurdy

13-nji awgustda Türkmenistanyň Sloweniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň...

şu gün 13:33
1.9k+

Raşid Meredow we Hakan Fidan Ankarada syýasy geňeşmeleri geçirdiler

14-nji awgustda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow, türk tarapyna...

şu gün 11:20
1.2k+

Serdar Berdimuhamedow Hindistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli...

şu gün 10:37
951

Serdar Berdimuhamedow Ýun Sok Ýoly Koreýanyň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny...